Fransiýanyň senatory, daşary ýurtlarda ýaşaýan fransiýaly raýatlaryň bähbitlerini wekilçilik edýän Samanta Kazebon 2025-nji ýylyň 23-24-nji iýunynda Türkmenistana resmi sapar bilen geler. Türkmenistanyň Fransiýadaky ilçihanasy habar bermegine görä, bu saparyň dowamynda Türkmenistanda fransuz diliniň öwredilmeginiň 30 ýyllygyna bagyşlanan çäreler, ikitaraplaýyn duşuşyklar hem-de medeni-bilim çäreleri guralar. Saparyň guramaçylyk meseleleri şu ýylyň 11-nji iýunynda Fransiýa Respublikasynyň Senatynyň binasynda Türkmenistanyň Fransiýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Maksat Çaryýew bilen senator Samanta Kazebonyň arasynda geçirilen duşuşykda ara alnyp maslahatlaşyldy. Duşuşykda taraplar bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlyk boýunça şertnamalaryň ýerine ýetirilişi bilen baglanyşykly meseleleri, şol sanda şu ýylyň 5-nji maýynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan Fransiýa amala aşyrylan resmi saparynyň çäklerinde gol çekilen 2025-2026-njy ýyllar üçin umumy we ýokary bilim ulgamynda hyzmatdaşlyk boýunça Ýol kartasyny giňişleýin ara alyp maslahatlaşdylar. Duşuşykda, aýratyn-da, ynsanperwer, bilim we medeniýet ugurlarynda türkmen-fransuz hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça iki ýurduň özara ygrarlydygy tassyklandy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 18 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir