Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi bilen BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň arasynda durmuşa geçirilýän degişli sebitleýin taslamanyň ikinji tapgyrynyň çäklerinde Aşgabat şäherinde we welaýatlaryň 6 etrabynda ýerleşýän şu ministrligiň garamagyndaky zähmet we ilatyň iş üpjünçilik bölümlerinde okuw-maglumat merkezlerini döretmek göz öňünde tutulýar. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, bu barada düýn sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer H.Geldimyradowyň Birleşen Milletler Guramasy we onuň ýöriteleşdirilen düzümleri bilen köpugurly hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak maksady bilen alnyp barylýan işler hakyndaky hasabatynda aýdyldy. Hasabatda bellenilişi ýaly, agzalan işleriň geçirilmegi ýurtda ýaşlara degişli hünär okuwlaryny bermek arkaly olaryň mümkinçiliklerini giňeltmäge we beýleki maksatlara gönükdirilendir. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanynyň garamagyna degişli teklibi hödürledi. Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biriniň Birleşen Milletler Guramasy we onuň ýöriteleşdirilen düzümleri bilen köpugurly hyzmatdaşlygy ösdürmek bolup durýandygyny belledi. Döwlet Baştutany Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi bilen BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň arasynda durmuşa geçirilýän sebitleýin taslamanyň çäklerinde okuw-maglumat merkezlerini döretmek baradaky teklibi makullap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 18 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir