Aşgabat şäherinde we welaýatlaryň 6 etrabynda Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň garamagyndaky zähmet we ilatyň iş üpjünçilik bölümlerinde okuw-maglumat merkezlerini döretmek göz öňünde tutulýar. Bu barada anna güni Hökümet mejlisiniň barşynda wise-premýer H.Geldimyradow hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, bu işler Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi bilen BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň arasynda durmuşa geçirilýän degişli sebitleýin taslamanyň ikinji tapgyrynyň çäklerinde amala aşyrylýar. Okuw-maglumat merkezleriniň açylmagy ýurdumyzda ýaşlara degişli hünär okuwlaryny geçmek arkaly olaryň mümkinçiliklerini giňeltmäge we beýleki maksatlara gönükdirilendir. Serdar Berdimuhamedow sebitleýin taslamanyň çäklerinde okuw-maglumat merkezlerini döretmek baradaky teklibi makullap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.