15 — 19-njy iýun ara­ly­gyn­da Aşgabatda küşt bo­ýun­ça hal­ka­ra ýa­ry­ş geçiriler. Ýaryşa taý­ýar­lyk gör­lü­şi ba­ra­da anna güni Hökümet mejlisinde wise-premýer B.Oraz­dur­dy­ýe­wa ha­sa­bat ber­di. Ýaryşlar Aş­ga­bat şä­he­rin­dä­ki Ýö­ri­te­leş­di­ri­len küşt we şaş­ka mek­de­bin­de geçiriler. Bel­le­ni­li­şi ýa­ly, bu ýa­ry­şa dün­ýä­niň köp san­ly döw­let­le­rin­den, şeý­le-de Türk­me­nis­tan­dan 8, 10 we 12 ýaş­ly tür­gen­ler gat­na­şar­lar. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, wi­se-prem­ýer döw­let Baş­tu­ta­ny­nyň ga­ra­ma­gy­na de­giş­li tek­li­bi hö­dür­le­di. Pre­zi­den­t Serdar Berdimuhamedow ýur­du­my­zyň hal­ka­ra sport ab­ra­ýy­ny has-da ýo­ka­ry de­re­je­le­re gal­dyr­mak, türk­men spor­tu­ny ös­dür­mek ug­run­da ne­ti­je­li iş­le­riň al­nyp ba­ryl­ýan­dy­gy­ny, dür­li de­re­je­dä­ki hal­ka­ra sport ýa­ryş­la­ry­nyň yzy­gi­der­li ge­çi­ril­ýän­di­gi­ni bel­le­di. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, döw­let Baş­tu­ta­ny­ wi­se-prem­ýe­re spor­tuň küşt gör­nü­şi bo­ýun­ça tür­gen­le­riň ara­syn­da­ky hal­ka­ra ýa­ry­şa go­wy taý­ýar­lyk gör­me­gi we ony ýo­ka­ry de­re­je­de ge­çir­me­gi tab­şyr­dy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 18 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir