13-nji iýunda geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda wise-premýer, da­şa­ry iş­ler mi­nist­ri R.Me­re­dow Türk­me­nis­ta­nyň hal­ka­ra eko­lo­gi­ýa hyz­mat­daş­ly­gyny mun­dan beý­läk-de ös­dür­mek bo­ýun­ça taý­ýar­la­nan bir­nä­çe mag­lu­mat­lary we tek­lip­leri be­ýan etdi. Hususan-da, COP29 maslahatynda kabul edilen resminamalara Türkmenistanyň go­şul­ma­gy­nyň müm­kin­çi­lik­le­ri­ne se­ret­mek mak­sa­dy bi­len, şu ýylyň 21-nji iýu­nyn­da Aşgabatda daş­ky gur­şa­wy go­ra­mak me­se­le­le­ri bo­ýun­ça pu­da­ga­ra to­pa­ryň mej­li­si­ni ge­çir­mek tek­lip edil­ýär; Şeý­le-de hä­zir­ki wagt­da BMG-niň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň 80-nji ses­si­ýa­syn­da Türk­me­nis­ta­nyň ile­ri tu­tul­ýan ga­ra­ýyş­la­ry­ny taý­ýar­la­mak bo­ýun­ça iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar; Baş As­samb­le­ýa­nyň öňü­miz­dä­ki ses­si­ýa­sy­na hö­dür­le­nil­jek Türk­me­nis­ta­nyň ile­ri tu­tul­ýan ga­ra­ýyş­la­ry­na Mer­ke­zi Azi­ýa we onuň bi­len goň­şy döw­let­ler üçin çöl­leş­mä­ge gar­şy gö­reş­mek bo­ýun­ça se­bit mer­ke­zi­ni dö­ret­mek ba­ra­da­ky me­se­lä­ni goş­mak tek­lip edil­ýär; Ha­zar­ýa­ka döw­let­le­riň da­şa­ry iş­ler mi­nistr­le­ri­niň du­şu­şy­gy­ny hem-de döw­let Baş­tu­tan­la­ry­nyň no­bat­da­ky sam­mi­ti­ni ge­çir­mek bo­ýun­ça iş­le­ri iş­jeň­leş­dir­mek tek­lip edil­ýär. Şu­nuň bi­len bir­lik­de, Ha­zar eko­lo­gik baş­lan­gy­jy­nyň Kon­sep­si­ýa­sy­ taý­ýar­la­ny­ldy we ol äh­li ke­nar­ýa­ka döw­let­le­riň ga­ra­ma­gy­na ibe­ri­ldi; Türk­me­nis­tan se­bit­de 2021 — 2025-nji ýyl­lar üçin Aral bo­ýun­ça Mil­li mak­sat­na­ma­ny ka­bul eden ýe­ke-täk döw­let­dir. Şol res­mi­na­ma­nyň ama­la aşy­ryl­ma­gy, şeý­le hem 2026 — 2030-njy ýyl­lar üçin tä­ze mak­sat­na­ma­nyň tas­la­ma­sy­nyň taý­ýar­la­nyl­ma­gy bi­len bag­ly me­se­le­le­ri ara alyp mas­la­hat­laş­mak üçin şu ýy­lyň 27-nji iýu­nyn­da Aş­ga­bat şä­he­rin­de daş­ky gur­şa­wy go­ra­mak me­se­le­le­ri bo­ýun­ça pu­da­ga­ra to­pa­ryň mej­li­si­ni ge­çir­mek tek­lip edil­ýär; Mil­li de­re­je­dä­ki eko­lo­gi­ýa hyz­mat­daş­ly­gy ba­bat­da Türk­me­nis­ta­nyň Hal­ka­ra suw akar­la­ry­nyň gä­mi gat­naw­syz gör­nüş­le­ri­ni peý­da­lan­ma­gyň hu­ku­gy ha­kyn­da Kon­wen­si­ýa go­şul­ma­gy ba­ra­da­ky me­se­lä se­ret­me­giň mak­sa­da­la­ýyk­dy­gy aý­dyl­dy. Bu res­mi­na­ma de­giş­li ul­gam­da hu­kuk düz­gün­le­ri­ni kes­git­le­ýär. Bu me­se­lä­ni şu ýy­lyň 5-nji iýu­lyn­da Türk­me­nis­ta­nyň Suw ho­ja­ly­gy ba­ra­da­ky döw­let ko­mi­te­tin­de ge­çi­ril­jek pu­da­ga­ra mej­li­siň gün ter­ti­bi­ne goş­mak tek­lip edil­ýär; BMG-niň de­giş­li eda­ra­la­ry bi­len bi­le­lik­de Türk­me­nis­ta­nyň ýaş­la­ry­nyň ho­wa­nyň üýt­ge­me­gi bo­ýun­ça baş­lan­gyç­la­ry­nyň 2025-nji ýyl üçin “Ýol kar­ta­sy” iş­le­nip taý­ýar­la­nyl­dy. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, bu res­mi­na­ma­ny tas­syk­la­mak üçin Hö­kü­met de­re­je­si­ne çy­kar­mak tek­lip edil­ýär. Serdar Berdimuhamedow hal­ka­ra gu­ra­ma­lar bi­len hyz­mat­daş­ly­gy ös­dür­mek bo­ýun­ça taý­ýar­la­nan tek­lip­le­ri gol­dap, wi­se-prem­ýer, da­şa­ry iş­ler mi­nist­ri­ne de­giş­li iş­le­ri ge­çir­me­gi tab­şyr­dy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 18 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir