“Tottenhem” Tomas Frankyň baş tälimçi wezipesine bellenendigini yglan etdi. 51 ýaşly daniýaly hünärmen bilen şertnama 2028-nji ýyla çenli hereket eder. Frank täze wezipede Enj Postekogluny çalyşdy. KHBS-iň maglumatlaryna görä, “Brentford”, takmynan, 12 mln ýewro möçberde öwez tölegine tälimçini goýbermäge razy boldy. “Biz futbolda ösen we döredijilikli baş tälimçileriň biri bolan Tomasy belleýäris. Onuň oýunçylary we topary ösdürmekde üstünlikli tejribesi bar. Biz onuň geljekki möwsümde topara ýolbaşçylyk edip başlamagyna sabyrsyzlyk bilen garaşýarys” – diýlip, klubuň beýanynda aýdylýar. APL-iň geçen möwsüminde “Tottenhem” 17-nji orny eýeledi, ýöne Ýewropa ligasynyň ýeňijisi boldy. Frank “Brentforda” 2018-nji ýyldan bäri ýolbaşçylyk etdi. Onuň başda durmagynda topar 2021-nji ýylda Çempionşipden Premýer-liga çykdy. APL-iň dört möwsüminde klub 13-nji, 9-njy, 16-njy we 10-njy orunlary eýeledi. Geçen möwsümde “Brentford” 66 gol geçirdi. Bu görkeziji babatda ol bäşinji ýerde durýar.

Sport, Ata Watan tarapyndan 18 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir