Huawei kompaniýasy Qingyun hatarynyň täze täjirçilik noutbugyny – Qingyun HM940-y hödürledi. Ol kompaniýanyň öz Huawei OS operasion ulgamyna eýe bolan ilkinji täjirçilik noutbugy boldy. Ozal Qingyun hatarynyň noutbuklary Windows ýa-da Lunix bilen işleýärdi. Dizaýny boýunça Qingyun HM940 öňki modellere meňzeýär. Ol iki reňkde elýeterli: Clear Blue и Inkstone Black. Onuň esasy aýratynlygy klawiaturada aýratyn AI klawişiniň peýda bolmagydyr. Modeliň ululygy 310 x 222 x 13,5 mm bolup, agramy 970 grama barabar. Ol durulygy 3120 x 2080 piksel we iň ýokary ýagtylygy 1000 nite çenli bolan 14,2 dýuýmlyk OLED displeýi bilen üpjün edildi. Ekran 60 ýa-da 120 Gs täzelenmäni, sensor dolandyryşy goldaýar. Prosessor barada maglumat ýok, ýöne aýratyn grafiki bloguň bardygy bellendi. Noutbuk Huawei Super Celia Business AI toplumynyň gurallaryny ulanýar – olar prezentasiýalary döretmäge, suratlardan tekstleri almaga, ses arkaly dolandyrmaga we Huawei telefonlary bilen sinhronlamaga mümkinçilik berýär. Goşmaça funksiýalaryň arasynda kursory gözüň ýa-da eliň hereketi bilen dolandyrmak mümkinçiligi hem-de kamerany, mikrofony we geolokasiýany öçürýän aýratyn düwme bar. Noutbuk 70 Wt/sag akkumulýator bilen enjamlaşdyryldy we 140 Wt kuwwatly zarýad alşy goldaýar. Ol 30 minutda 70% zarýad alýar we beýleki gurluşlara zarýad berip bilýär (66 Wt çenli). Üç USB-C porty bar. Operatiw ýat – 24 ýa-da 32 GB, içki – 512 GB ýa-da 1 TB. Wi-Fi 7, Bluetooth 5.2 we Nearlink goldawy bar. Audioulgam alty dinamigi we dört mikrofony öz içine alýar. Noutbugyň bahasy häzirlikçe belli däl.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 10 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir