Kataryň «Qatar Airways» döwlet awiakompaniýasy «Boeing» amerikan konserni bilen 160 uçar satyn almak boýunça 200 mlrd dollarlyk şertnama baglaşdy. Bu barada ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp Dohadaky gol çekiş dabarasynda habar berdi. «Bu Boeing-iň taryhyndaky iň uly uçar sargydy we bu gaty gowy. 200 mlrd dollardan gowrak we 160 uçar – bu ajaýyp» — diýip, «Reuters» agentligi prezidentiň sözlerini getirýär. Bu habaryň yzýany, çarşenbe günündäki söwdalarda awiagurluşyk kompaniýasynyň paýnamalarynyň bahasy 1,6% ýokarlandy. Şu ýylyň başyndan bäri bolsa, paýnamalarynyň gymmaty 16,8% artdy. Şertnama Tramp bilen Kataryň emiri Tamim bin Hamad Al Taniniň gatnaşmagynda gol çekildi. Şertnamanyň jikme-jiklikleri, şol sanda uçarlaryň modelleri heniz mälim edilmedi. Häzirki wagtda «Qatar Airways» awiakompaniýasynyň awiaparkynda 238 uçar bar. Donald Tramp Ak Tama gaýdyp geleninden soň, 14-nji maýda ilkinji daşary ýurt saparynyň çäginde resmi sapar bilen Katara bardy. Duşuşygyň dowamynda, iki ýurduň liderleri 1,2 trln dollarlyk ykdysady hyzmatdaşlyk şertnamasyna hem gol çekdiler.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 10 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir