Londondaky “Emireýts” stadionynda 2024/2025 möwsüminiň UEFA-nyň Çempionlar ligasynyň “Arsenal” bilen “PSŽ-niň” arasyndaky birinji ýarym final oýny boldy. Duşuşyk fransuz klubunyň 1:0 hasabynda utmagy bilen tamamlandy. Myhmanlar eýýäm 4-nji minutda hasaby açdy – “PSŽ-niň” hüjümçisi Usman Dembele gol geçirdi. “Arsenalyň” öňe çykmak üçin mümkinçilikleri köp boldy, ýöne hüjümi gola ýetirip bilmedi. Oýnuň ikinji ýarymynyň başynda, 47-nji minutda “Arsenalyň” ýarymgoragçysy Mikel Merino gol saldy, ýöne wideo seredilenden soň, VAR goly ýatyrdy. Ýaryşyň geçenki tapgyrynda, dörtden bir finalda “Arsenal” iki oýnuň jemi boýunça Madridiň “Realyny” 5:1 hasabynda utupdy. “PSŽ” bolsa, öz gezeginde, “Aston Willadan” 5:4 hasabynda üstün çykdy. Jogap oýny 8-nji maýa geçilýän gije Pariždäki “Park de Prens” meýdançasynda bolar.

Sport, Ata Watan tarapyndan 8 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir