Prezident Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterrişe doglan güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. Döwlet Baştutany şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterrişe tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, egsilmez güýç-kuwwat, alyp barýan işinde uly üstünlikleri arzuw etdi. Antoniu Guterriş 1949-njy ýylyň 30-njy aprelinde Lissabonda (Portugaliýa) dünýä indi. 2017-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan bäri BMG-niň Baş sekretary wezipesini ýerine ýetirýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 7 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir