Xiaomi 2025-nji ýylyň aprel aýynda ýedi sany smartfon modeli üçin goldawyň bes ediljekdigini (EOL-nyň tamamlanjakdygyny) habar berdi. Bu ýagdaý programma üpjünçiliginiň täzelenmeleriniň, şol sanda howpsuzlyk üçin möhüm paçlaryň we täze operasion ulgamyň wersiýalarynyň çykarylmagynyň bes ediljekdigini aňladýar diýip, «Gizchina» ýazýar. Goldawy bes ediljek smartfonlaryň hataryna şular girýär: Poco F4 GT; Redmi K50 Gaming; Redmi 10A; Redmi Note 11S; Redmi Note 11 Pro+ 5G; Xiaomi 11i; Xiaomi 11i HyperCharge. Poco F4 GT ömrüni Android 14 esasynda işlenip düzülen HyperOS 2.0.1.0 bilen, Redmi K50 Gaming bolsa HyperOS 2.0.2.0 bilen tamamlaýar. Redmi 10A bolsa MIUI 12.5 ulgamynda galýar. Redmi Note 11S 5G, Note 11 Pro+ 5G, Xiaomi 11i we 11i HyperCharge modelleri bolsa Android 13 esasynda işleýän HyperOS 1 bilen dowam eder – bu modeller üçin HyperOS 2 çykarylmaz. EOL (End of Life) näme? Ulanyjylar üçin bu smartfonlaryň işlemeginiň dowam etjekdigini aňladýar: jaň etmek, programmalary ulanmak we internete girmek mümkinçiligi saklanyp galýar. Ýöne howpsuzlyk täzelenmeleriniň bolmazlygy sebäpli, enjamlar täze howplara garşy ejiz bolar, şeýle hem wagtyň geçmegi bilen täze programmalar utgaşyklylygyny ýitirip başlar.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 7 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir