«Titanikde» aman galan ýolagçy tarapyndan ýazylan hat «Henry Aldridge & Son» auksionynda 300 müň funt sterlinge (takmynan, 400 müň dollara) satyldy. Bu barada «The Guardian» neşiri habar berýär. Neşiriň belleýşi ýaly, lotuň bahasy başlangyç bahasyndan bäş esse ýokary boldy. Bu hat «Titanik» bilen baglanyşykly bize mälim bolan hatlaryň arasynda iň gymmady hasaplanylýar. Hatyň awtory – birinji derejeli ýolagçylaryň hatarynda syýahat eden polkownik Arçibald Greýsdir. Ol haty saparynyň dowamynda ýazyp, ilkinji täsirlerini paýlaşypdyr. «Gämi ajaýyp, ýöne men syýahatym tamamlanýança garaşyp, oňa soň baha bererin» — diýip, onuň sözleri getirilýär. Betbagtçylygyň boljak gijesi polkownik ir düşegine geçipdir. Ertesi irden ol skwoş oýnamagy (tennise meňzeş oýun) meýilleşdiren eken. Gijäniň ýarynda gäminiň aýsberg bilen çaknyşmagyndan oýanan Greýs dessine aýal-gyzlara we çagalara halas ediş gaýyklara münmäge kömek edip başlapdyr. «Titanigiň» yzky bölegi suwuň astyna gidende, ol we başga-da onlarça erkek adam agdarylan halas ediş gaýygynyň üstünde ýapyşyp galypdyr. Greýsiň soň ýatlap aýtmagyna görä, şol agyr gijäniň dowamynda, gaýygyň üstünde galanlaryň ýarysy sowukdan we ýadawlykdan sessiz-sedasyz suwa gaçyp, gark bolupdyr. Ertesi daňdan polkownigi «Karpatiýa» gämisi halas edipdir. Nýu-Ýorka gelensoň, ol bolan wakalar barada ýazypdyr. Emma alan şikesleri we sowuklama onuň saglygyny düýpli zaýalapdyr: 1912-nji ýylyň dekabrynda Greýs koma düşýär we iki gün soň aradan çykýar. 1913-nji ýylda onuň "Titanik barada hakykat» atly kitaby neşir edilipdir.