Ýaponiýanyň Osaka şäherindäki Ýumeşima emeli adasynda uzynlygy iki kilometr töweregi bolan dünýäde iň uly agaç halkanyň gurluşygy tamamlandy. Desga Expo 2025-iň merkezi elementi we durnukly gurluşygyň nyşany boldy. Bu halka Expo 2025 Bütindünýä sergisiniň esasy elementi bolup, “Köpdürlülikde jebislik” ideýasyny görkezýär. Ol tutuş sergi meýdançasyny gurşap alýar. Onuň ýokarky böleginden 12 metr belentlikde pawilýonlary, Osakany we aýlagy syn etmäge mümkinçilik berýän Skywalk gezelenç ýodajygy geçýär. Arassa howada hatda 30 kilometr uzaklykda ýerleşen Akaşi-Kaýke köprüsi hem görünýär. Desga döwrebap tehnologiýalary we adaty ýapon neçjarçylyk birleşmesini özünde jemleýär. Çüýler ulanylmady, bu hem ýertitremelere çydamlylygy ýokarlandyryp, sökmegi ýeňilleşdirýär. Gurluşyk üçin ýapon kedri, serwi agajy we ýewropa sosnasy ulanyldy. Agaçlaryň 70% töweregi ýerli bolup, serginiň ekologiýa konsepsiýasyny goldaýar. Umuman alanyňda, 60 müň inedördül metrden gowrak agaç ulanyldy. Halka birnäçe wezipeleri ýerine ýetirýär: pyýada gatnaw ýoly hökmünde hyzmat edip, ýagyşdan we Günden goraýar; güller we syn ediş meýdançalary bilen kölegeli dynç alyş zolagyny döredýär; materiallary gaýtadan ulanmaga mümkinçilik berip, durnukly gurluşygyň mümkinçiliklerini görkezýär. Ginnesiň rekordlar kitaby bu halkany dünýäde iň uly agaç desga diýip ykrar etdi. Expo 2025-den soň ol agajy ikilenç ulanmak üçin sökülip ýa-da adada galdyrylyp bilner. Guramaçylar gutarnykly çözgüt kabul etmezden ozal ýaşaýjylaryň pikirini öwrenýär. Ýapon binagärleri şeýle taslamalar agajy şäherler üçin esasy material hökmünde göz öňünde tutjak gurluşygyň geljegini görkezýär diýip hasaplaýar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 7 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir