Esasynda taryhdan öňki görnüşiň DNK-sy ýatan ilkinji moda aksessuary 2025-nji ýylyň ahyryna çenli dükanlarda peýda bolar. Adaty deri önümçiligi uly möçberde tokaýlaryň çapylmagy bilen bagly, eýlemek bolsa, köplenç, zyýanly himiki serişdeleri ulanmagy talap edýär, bu bolsa daşky gurşawyň has-da hapalanmagyna sebäp bolýar. Şonuň üçin VML döredijilik gullugy, The Organoid genom inženerçiliginiň öňdebaryjysy we Lab-Grown Leather biotehnologiýalar önümçiligi kompaniýasy birleşip, hakyky öwrülişikli önümi - dinozawryň ýokary hilli derisini işläp taýýarladylar. Bu degişme däl. Täze materialyň esasynda Ýer ýüzünde ýaşap geçen iň äpet we iň howply ýyrtyjylaryň biri bolan tirannozawryň galyndysynyň birleşdiriji dokumalary ýatýar. Taslamanyň awtorlarynyň pikirine görä, taryhdan öňki görnüşden alnan dünýäde ilkinji emeli deri gadymy biologiýanyň geljekde ýokary öndürijilikli materiallaryň döredilmegine ylham berip biljekdigini öwrenmekde möhüm ädimdir. Ýöne iň gyzykly ýeri, dinozawryň derisiniň bazara çykjak wagty indi golaýda. 2025-nji ýylyň ahyryna çenli lýuks klasly moda önüm satuwa çykarylar we soňra material beýleki pudaklara-da ýaýradylar.