“8 zenan” (“8 женщин”) we “Öýde” (“В доме”) filmleri bilen tanalýan fransuz režissýory Fransua Ozon Albert Kamýunyň “Saýry” romanyny ekranlaşdyrýar. Bu barada Screen Daily habar berdi. Film Gaumont studiýasy tarapyndan çykarylar. Filmde keşpleri Benžamen Wuazen (“85–iň tomsy”, “Gitdik!” (“Лето 85-го”, “Поехали!”)), Rebekka Marder (“Meniň jenaýatym”, “Gaýtalanýan durmuş” (“Мое преступление”, “Жизнь на повторе”)), Swann Arlo (“Ýykylmagyň anatomiýasy”, “Taňrynyň merhemeti bilen” (“Анатомия падения”, “По воле божьей”)) we Deni Lawan (“Meniň kiçijik melikäm” (“Моя маленькая принцесса”)) ýerine ýetirýär. Wuazen 1930-njy ýyllarda Alžirde ýaşan fransuz Mersonyň keşbini janlandyrar. Gahrymanyň biperwaýlygy we töweregindäki dünýä biparhlygy sowukganlylyk bilen edilen ganhorluk we jenaýaty derňeýän, şonuň bilen birlikde Mersonyň şahsyýetini hem öwrenýän kazyýet işi bilen tamamlanýar. “Saýry” filminiň uýgunlaşmagy fransuz dilinde bolar. Film Marokkoda surata düşüriler we bu iş eýýäm başlandy. Filmi 2026-njy ýylda kinoteatrlarda görkezmek meýilleşdirilýär. "Filme wagta dahylsyzlygy, nusgawy ölçegi bermek üçin janly, ekspressionistik gapma-garşylyklary ulanyp, akdyr gara reňkler bilen işläris" – diýip, kinematografiýaçy wada berdi. Albert Kamýu fransuz pelsepeçisi we ýazyjysy, 1957-nji ýylda edebiýat boýunça Nobel baýragynyň eýesi boldy. 1942-nji ýylda ilkinji gezek "Saýry" romanyny hödürledi. Kitap fransuz edebiýatynyň iň meşhur eserleriniň birine öwrüldi. Ol takmynan dünýäniň 75 diline, şol sanda türkmen diline terjime edildi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 7 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir