Rotterdamdaky (Niderlandlar) Boýmans wan Beningen muzeýinde bir çaga tötänleýin Mark Rotkonyň “Goýy gyzylda çal, mämişi, №8” suratyny zaýalady. Onuň bahasy 50 mln ýewro barabar. Bu waka muzeýiň kolleksiýasyndan saýlama eserleriň görkezilýän Depot zalynda bolup geçdi diýip, BiBiSi habar berýär. Muzeýiň wekiliniň aýtmagyna görä, bu waka surat gözegçiliksiz galdyrylanda boldy. Suratyň aşaky böleginde gorag lak bilen örtülmedik boýag gatlagynda kiçiräk çyzyklar peýda boldy. Häzir Niderlanlardan we beýleki ýurtlardan hünärmenler dikeldiş işini nähili geçirmelidigini kesgitlemek üçin suraty öwrenýär. Suraty dikeldiş işlerinden soň ýene-de myhmanlar üçin sergä çykarmak meýilleşdirilýär. Hünärmenler Rotkonyň gorag lak gatlagy bolmadyk suratlarynyň aýratyn gowşakdygyny belleýär. Hatda kiçijik çyzyklar hem eseriň gymmatyna zyýan ýetirip bilýär. Dikeldiş işleri suratkeş tarapyndan ulanylan boýaglaryň we ýelimleriň düzüminiň çylşyrymlydygy sebäpli kynlaşýar.