Amazon kompaniýasy Atlas V raketasynyň kömegi bilen öz Project Kuiper internet ulgamynyň 27 hemrasyny üstünlikli uçurdy. Bu kompaniýanyň Starlink bilen bäsleşjek global ulgamy döretmek ugrunda ilkinji ädimidir. United Launch Alliance kompaniýasynyň raketasy Floridadan uçuryldy. Hemralar 450 km belentlikde Ýere golaý orbitada ýerleşdiriler, soňra elektrik hereketlendirijileriniň kömegi bilen 630 km belentlikdäki iş orbitasyna çykarylar. Şondan soň hemralaryň, ýerüsti infrastrukturanyň we ulanyjy antennalarynyň arasynda maglumat geçiriş synagy başlar. Ilkibaşda 10-njy aprele meýilleşdirilen uçuş howa şertleri we ABŞ-nyň Kosmos güýçleriniň Gündogar synag meýdançasynda uçuş döwrüniň çäklendirmeleri sebäpli yza süýşürildi. Täze hemralar 2023-nji ýylda uçurylan iki prototip bilen deňeşdirilende ep-esli kämilleşdirildi. Olar kämil antennalar, prosessorlar, Gün panelleri, hereketlendirijiler we astronomiki gözegçiliklerde ýagtylyk yzlaryny azaltmak üçin ýörite plýonkalar bilen enjamlaşdyryldy. Amazon kompaniýasy Atlas V we Vulcan Centaur raketalaryny ulanyp 45 uçuşy, şeýle-de Blue Origin, SpaceX we Arianespace bilen bilelikde 30-dan gowrak uçuşy amala aşyrmagy meýilleşdirýär. Project Kuiper ulgamynyň täjirçilik ulanylyşy 2025-nji ýylyň ahyryna çenli başlar. Ýöne hemra önümçiligi kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolýar, şol sebäpli möhlet gijikdirilip hem bilner.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 7 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir