Londonyň Uniwersitet kollejiniň alymlary Boeing 777F uçarlaryny global ýylama bilen göreşmek üçin ulanmagy teklip etdi. Bu uçaryň kömegi bilen aerozollary polýuslarda, mysal üçin, Norwegiýa ýa-da Alýaska sebitinde 13 km belentlikde sepmek bolýar diýip, hünärmenler aýdýar. Öň serpikdiriji bölejikleri ekwatoryň golaýynda 20 km belentlikde sepmeli diýlip pikir edilýärdi, ýöne munuň üçin täze uçarlar gerek bolardy. Täze usul bar bolan tehnologiýalary ulanmagy teklip edýändigi üçin aňsat we arzan. Ýöne onuň netijeliligi birneme pes: sowadyş üçin üç esse köp aerozol gerek bolar. Bu hem kislota ýagşy ýaly zyýanly täsirleriň töwekgelçiligini ýokarlandyryp biler. Mundan başga-da, ýylylyga has ejiz bolan tropikler gowşak sowadylar. Ylmy gözlegçiler bu usulyň klimatyň üýtgemegine garşy göreşmekde esasy usul bolup galýan bug gazlarynyň zyňyndylaryny azaltmagyň ornuny tutmajakdygyny belleýär. Şeýle-de bolsa, Boeing 777 uçarynyň kömegi bilen sowadyş ulgamyny çalt işe girizmek mümkinçiligi bu çemeleşmäni geljekde gymmatly gurala öwrüp biler.