76-njy Berlin kinofestiwaly 2026-njy ýylyň 12-nji fewralyndan 22-nji fewraly aralygynda geçiriler. Bu barada abraýly kinofestiwalyň ýolbaşçylary resmi taýdan yglan etdi. Bäsleşik we beýleki programmalara gatnaşyjylaryň sanawy geljek ýylyň başynda belli bolar. Emin agzalarynyň ýolbaşçysynyň ady hem heniz mälim edilmedi. 2025-nji ýylda ýubileý bolan 75-nji Berlinale Norwegiýanyň “Arzuwlar” (Мечты) melodramasynyň ýeňiji bolmagy bilen tamamlandy. Iň gowy zenan keşbi üçin baýragy “Eger aýagym bolan bolsa, seni deperdim” (Если бы у меня были ноги, я бы тебя пнула) filmi üçin Rouz Birn aldy. Iň gowy aktýor “Mawy Aý” (Голубая луна) filmindäki keşbi üçin Endrýu Skott boldy. Festiwalyň emin agzalaryna Todd Heýns (“Kerol”, “Men ol ýerde ýok”, “Gara suwlar”) ýolbaşçylyk etdi.