13-24-nji maý aralygynda geçiriljek 78-nji Kann kinofestiwalynyň guramaçylary esasy bäsleşigiň emin agzalarynyň düzümini yglan etdiler. Emin agzalarynyň başynda meşhur fransuz aktrisasy Žýulýet Binoş durýar. Onuň bilen bilelikde eminler toparynda aktýorlar Holli Berri, Jeremi Strong, Alba Rorwaher, režissýorlar Hon San-su, Paýal Kapadia, Karlos Reýgadas, ýazyjy Leýla Slimani we dokumentalist Diudo Hamadi bar. Şeýle-de Kering konglomeraty bilen kinofestiwalyň guramaçylary tarapyndan berilýän «Women in Motion Award 2025» baýragy şu ýyl aktrisa we prodýuser Nikol Kidmana gowşurylar. 2015-nji ýyldan bäri gowşurylýan bu baýrak kino sungatynda we jemgyýetde zenanlaryň goşandyna baha bermek maksady bilen döredildi. Gowşurylyş dabarasy festiwalyň resmi agşamlyk naharynyň çäklerinde geçiriler. «Oskar» we «Altyn globus» baýraklarynyň eýesi bolan Kidman 2017-nji ýyldan bäri ilkinji gezek Kanna gaýdyp gelýär. Ol şol ýyl festiwalyň 70 ýyllygyna bagyşlanyp berlen ýörite baýragy alypdy. «Fransua, Týerri, Iris, Kering Group-daky dostlarym, şeýle-de Kann kinofestiwaly tarapyndan bu baýragyň maňa gowşurylmagy – meniň üçin uly mertebe. Menden öň bu baýragy alan zehinli zenanlaryň — sungatçylaryň we öňdebaryjylaryň – arasyna goşulýandygym üçin diýseň buýsanýaryn. Kann kinofestiwaly eýýäm 30 ýyldan gowrak wagt bäri durmuşymyň bir bölegi boldy, indi bolsa şu ýatda galyjy ykrar etmäni şol mukaddes ýatlamalaryma goşýandygym üçin örän begenýärin» — diýip, Kidman aýtdy. Şu ýylky festiwalyň maksatnamasynda Ues Anderson, doganlar Dardenn, Jafar Panahi we Ari Aster ýaly meşhur režissýorlaryň täze filmleri görkeziler.