Aşgabat şäherindäki “Bilesigeliji” (Curioo Kids) okuw merkeziniň mugallymlary bilen Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň Bilimi dolandyrmak taýýarlygy ugry boýunça magistratura maksatnamasynyň magistrantlarynyň hem mugallymlarynyň gatnaşmagynda iňlis dilinde okuw-tejribe duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda okuw merkeziniň mugallymlary bilen magistrantlaryň arasynda çagalary okatmagyň usulyýeti we olaryň başarnyklaryny ösdürmek barada pikir alşyldy. “Curioo Kids” okuw merkezinde çagalara iňlis dilini ýokary derejede we çuňňur öwretmek üçin Kembrij uniwersitetiniň we Malaýziýanyň okuw maksatnamalarynyň esasynda taýýarlanan “Curioo Kids Global English Learning World” okuw meýilnamasyndan ugur alynýar. Duşuşygyň barşynda sanly tehnologiýalaryň mümkinçiliklerinden peýdalanyp, çagalaryň iňlis dilinde gürlemegini kämilleşdirmek we olaryň özara gatnaşygyny ýola goýmak, geçilýän mowzuklary düşündirmegiň dürli usullary barada pikir alşyldy. Sorag-jogap alyşmak arkaly okatmakda duş gelýän kynçylyklar we olary aradan aýyrmagyň ýollary barada gürrüň edildi. Okuwyň dowamynda diňe bir çagalar däl, eýsem olaryň ene-atalary bilen aragatnaşygyň saklanmagy möhüm bolup durýar. Ene-atalara “Çaga mekdepde özüni nähili alyp barýar?”, “Onuň näçe dosty bar?” ýa-da “Geljekde çagaňyzyň kim bolmagyny isleýärsiňiz” diýen ýaly soraglary bermek bilen, ene-atanyň çaga bolan gatnaşygyny işjeňleşdirmek, şol bir wagtyň özünde çaganyň geljekki ugruny we hünärini özbaşdak saýlamakda ýardam etmek esasy maksatlaryň biridir. “Curioo Kids” bilim merkezi iňlis dilini öwretmegi däl-de, çagalarda tebigy bar bolan ukyplary ýüze çykaryp, şol ukyplary tehnologiýa, döredijilikli dizaýn we telekeçilik ugurlary boýunça ösdürmegi maksat edinýär. Netijede, çaga hem iňlis dili, hem öz halaýan ugry boýunça başarnygyny artdyrmaga mümkinçilik gazanýar. Bilim merkezinde arakesmelerde logiki oýunlaryň oýnalmagy, çagalaryň arasynda bäsleşikleriň guralmagy okuwlaryň gyzykly we işjeň geçmegine ýardam edýär. Bilim merkezinde tomusky okuw möwsümine ýazylyşyk dowam edýär! 1-nji maýa çenli ýazylanlara 10% ARZANLAŞYK berilýär. Has giňişleýin maglumat almak üçin telefon belgileri arkaly habarlaşyp, şeýle hem Instagram sahypasyndaky täzelikleri yzarlap bilersiňiz. Salgysy: Aşgabat ş., N.Gullaýew (Nagina) köçesi, jaý 33 Habarlaşmak üçin: +993 71 803535; +993 71 80-65-65; 26-69-65. Instagram: @curioo.turkmenistan TikTok: @curioo.turkmenistan