28-nji aprelde Prezident Serdar Berdimuhamedow wise-premýer T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy diýip, TDH habar berýär. Maslahatyň dowamynda welaýatlaryň häkimleri we wise-premýer ýurdumyzyň oba hojalygynda dowam edýän möwsümleýin işler barada hasabat berdiler. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda welaýatlaryň bugdaý ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg etmek işleri alnyp barylýar. Galla oragy möwsümine taýýarlykly girişmek, daýhan yhlasy bilen ýetişdirilen bugdaý hasylyny öz wagtynda ýygnap almak maksady bilen, galla kabul ediş kärhanalaryny, elewatorlary, kombaýnlary we beýleki tehnikalary möwsüme doly taýýar etmek boýunça zerur çäreler görülýär. Gowaça ekilen meýdanlarda gögeriş suwuny tutmak, gögeriş alnan ýerlerde hatarara bejergi, ýekelemek, otag etmek işleri geçirilýär. Ýazlyk ýeralma, gök-bakja hem-de beýleki azyklyk ekinleriň ekilen meýdanlarynda ideg işleri ýerine ýetirilýär. Welaýatlarda pile öndürmek möwsüminiň çäklerinde ýüpek gurçugyna ideg etmek işleri dowam edýär. Şeýle-de wise-premýer howanyň gyzmagy bilen baglylykda, ýurdumyzyň tokaý zolaklarynda, öri we ekin meýdanlarynda ýangynyň döremeginiň öňüni almak üçin alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Döwlet Baştutany oba hojalyk pudagynyň milli ykdysadyýetimizdäki möhüm ornuna ünsi çekdi hem-de ýurdumyzda azyk bolçulygyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak, dokma senagatynyň kärhanalaryny çig mal bilen üpjün etmek boýunça pudagyň öňünde durýan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmeginiň zerur talap bolup durýandygyny belledi hem-de wise-premýere bu ugurda alnyp barylýan işleri gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Serdar Berdimuhamedow iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, häzirki möwsümleýin oba hojalyk işleriniň, hususan-da, gowaça we ýazlyk ekinlere ideg etmek, galla oragyna taýýarlyk görmek işleriniň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmeginiň zerurdygyny belledi we bu babatda degişli tabşyryklary berdi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 18 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir