Ýewropanyň birnäçe ýurdunda 28-nji aprelde sebit derejesinde tok öçdi. Bu ýagdaýdan, aýratynam, Portugaliýa we Ispaniýa zyýan çekdi. Publico-nyň maglumatlaryna görä, Portugaliýada, esasan, Lissabonda we Portuwda metro saklandy, ýolagçylar wagonlarda galdy. Ýolyşyklar, bankomatlar we ykjam aragatnaşyk işlemedi. Lissabonyň, Portuwyň we Faruwyň howa menzilleri ätiýaçdaky elektrik üpjünçiligine geçdi. Ispaniýada elektrik energiýasynyň öçmegi Madriddäki we Barselonadaky metro täsir etdi. Paýtagtyň Barahas howa menzili wagtlaýyn tertipde işledi. Ykjam aragatnaşyk we töleg terminallarynyň işi kesildi diýip, El Mundo ýazýar. Renfe kompaniýasy ýolagçy otlularynyň doly togtadylýandygyny habar berdi. Şeýle-de, elektrik bilen bagly bökdençlikler Fransiýada, Germaniýada we Andorrada hasaba alyndy diýip, Euronews habar berýär. Hadysanyň täsir eden ýurtlarynyň häkimiýetleri we üpjün edijiler elektrik üpjünçiligini dikeltmegiň üstünde işleýändiklerini aýtdy. Publico-nyň maglumatlaryna görä, 17:30-a çenli (Aşgabat wagty) Fransiýada elektrik energiýasy dikeldildi. Şeýle-de, Portugaliýada we Ispaniýada bökdençligiň netijeleri kem-kemden düzedilýär we munuň üçin biraz wagt gerek boljakdygy duýdurylýar. Bu bökdençligiň sebäbi heniz resmi taýdan kesgitlenmedi. Portugaliýanyň hökümetiniň agzasy Kastro Almeýda RTP3-de çykyş edip, munuň kiber hüjümi bolup biljekdigini aýtdy, ýöne bu babatda subutnama getirmedi. REN kompaniýasynyň pikirine görä, şeýle bökdençligiň sebäbi Fransiýanyň günorta-gündogaryndaky ýangyn bolup biler, onuň netijesinde ýokary woltly liniýalara zeper ýetipdi. Soňrak REN elektrik energiýasynyň öçmeginiň seýrek atmosfera hadysasy – “indusirlenen atmosfera üýtgemeleri” (induced atmospheric variation) sebäpli Ispaniýanyň energiýa ulgamynda bolup geçen näsazlyklar bilen baglanyşyklydygyny habar berdi. Bu hadysa Ispaniýada temperaturanyň aşa üýtgemegi sebäpli ýüze çykdy, bu hem energiýa ulgamlarynyň arasyndaky sazlaşygy bozup, birleşdirilen ýewropa ulgamynda bökdençliklere getirdi. Ispaniýanyň şäherlerinde blekaut sebäpli adatdan daşary ýagdaý yglan edildi. Ýurduň Içeri işler ministrligi adatdan daşary ýagdaýyň isleg bildiren sebitlerde ulanyljakdygyny belledi. Ilkinji bolup goldawy Madrid, Andalusiýa we Estremadura sorady.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 18 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir