Peugeot 208 hetçbegi 2025-nji ýylyň mart aýynda Ýewropada Dacia Sandero-dan öňe geçip, iň köp satylan awtomobil boldy. Bu barada JATO Dynamics-iň maglumatlaryna salgylanyp, “Awtostat” habar berýär. Çeşmelere görä, mart aýynda bu modelden 25 241 awtomobil satyldy, bu 2024-nji ýylyň degişli aýy bilen deňeşdirilende 7% köpdür. 2025-nji ýylyň ýanwar we fewral aýlarynda öňdebaryjy bolan Dacia Sandero hetçbegi ikinji orna düşdi. Mart aýynda onuň satuwy 24 577 birlik boldy, bu bolsa bir ýyl ozalkydan 6% azdyr. Üçünji orny 23 062 awtomobil bilen Renault Clio eýeledi. Onuň görkezijisi geçen ýylky bilen deňeşdirilende 3% pes boldy. Dördünji orunda 2024-nji ýylyň mart aýyndaky görkezijisini 9% azaldan Nissan Qashqai krossoweri ýerleşdi. Onuň satuw görkezijisi 22 826 ulag boldy. Öňdebaryjylaryň bäşligini 21 553 ulag görkezijisi bilen Volkswagen Golf jemleýär. Netije geçen ýylkydan 17% azdyr. Şeýle-de, iň meşhur modelleriň onlugyna Volkswagen T-Roc (21 292 birlik; +2%), Opel/Vauxhall Corsa (20 143 birlik, +8%), Peugeot 2008 (19 837 birlik, +9%), Volkswagen Tiguan (19 591 birlik, +42%) we Ford Puma (19 269 birlik, +1%) girdi.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 18 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir