28-nji aprelde Prezident Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Kolumbiýanyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ektor Isidro Arenas Neýradan ynanç hatyny kabul etdi. Milli parlamentiň ýolbaşçysy ilçä Türkmenistanyň içeri we daşary syýasatynyň esasy ugurlary, ýurdumyzyň Mejlisiniň düzümi, onuň alyp barýan işi hakynda giňişleýin gürrüň berdi. Duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn, şol sanda halkara guramalaryň, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde ýola goýulýan gatnaşyklar barada özara pikir alyşmalar boldy.ş Şol gün Ektor Isidro Arenas Neýra şeýle hem Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa bilen hem duşuşdy we ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy. Söhbetdeşler Türkmenistanyň we Kolumbiýanyň daşary syýasat edaralarynyň arasynda syýasy geňeşmeleri geçirmegiň, şeýle hem Türkmenistanyň Mejlisiniň we Kolumbiýa Respublikasynyň Kongresiniň arasynda parlamentara dostluk toparyny döretmegiň mümkinçiliklerine garadylar. Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary kolumbiýa tarapynyň 2025-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly hem-de ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli Aşgabatda guraljak halkara forumyň işine gatnaşmagyna umyt bildirdi. Ilçi diplomatik işini Moskwa şäherinde oturýan ýerinden alyp barar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 18 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir