Android 16 esasynda işlenip düzülen HyperOS 3 interfeýsi 2025-nji ýylyň iýul aýynda çykarylar. Ol täze aýratynlyklary, öndürijilik boýunça kämilleşdirmeleri hem-de täzeden işlenip taýýarlanan interfeýsi üpjün eder. Garaşylýan täzelenmäni aljak ähli Xiaomi, Redmi we POCO enjamlaryň doly sanawyny «Gizchina» ýetirýär. Xiaomi kompaniýasy Android 16 esasynda taýýarlanan indiki uly täzelenme bolan HyperOS 3-i çykarmaga taýýarlanýar. Android 15 esasly HyperOS 2.1 interfeýsiniň ýaýradylýan mahaly, ulanyjylar we içerki maglumat berijiler ünslerini eýýämden 2025-nji ýylyň iýul aýynda çykmagyna garaşylýan täze operasion ulgama gönükdürdiler. Maglumatlara görä, HyperOS 3 diňe bir ýokary derejeli modeller däl, eýsem orta we pes bahaly modeller üçin hem täze aýratynlyk toplumyny hödürlär, bu bolsa Xiaomi-niň ähli önüm hatary üçin giňişleýin programma üpjünçiligini bermek strategiýasyny tassyklaýar. HyperOS 3 bilen bilelikde tanyşdyryljak täze aýratynlyklaryň arasynda has kämilleşdirilen köpugurlylyk, batareýanyň dowamlylygyny optimizasiýa etmek, emeli aň esasynda işleýän akylly aýratynlyklar we dolulygyna täzeden işlenip düzülen grafiki interfeýs bar. Xiaomi heniz resmi bildiriş bermedik hem bolsa, häzirki maglumatlar haýsy modellere täzelenmäniň geljekdigi hakynda jikme-jik maglumat berýär. Ine, HyperOS 3.0 täzelenmesini aljak enjamlaryň sanawy: Xiaomi Xiaomi 15, 14, 13 we 12 hatarlary MIX Flip, MIX Flip 2 MIX FOLD 2, 3 we 4 Xiaomi Pad 6 Pro, 6S Pro, 7 we 7 Pro Redmi Redmi Note 12, 13 we 14 hatarlary (4G, Turbo, Pro görnüşleri bilen bilelikde) Redmi 12, 13 we 14 (C we A modelleri) Redmi K50, K60, K70 we K80 hatarlary Redmi Pad SE, Pad SE 8.7, Pad Pro, Pad Pro 5G POCO POCO F5, F5 Pro, F6, F6 Pro, F7, F7 Pro, F7 Ultra POCO X6 5G, X6 Pro 5G, X7, X7 Pro, X7 Pro Iron Man Edition POCO M6 (4G, 5G, Pro), M7, M7 Pro 5G POCO C65, C75, C75 5G

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 days ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir