Capcom kompaniýasy Resident Evil 4-üň täzeden işlenen görnüşiniň (remeýkiniň) 10 milliondan gowrak nusgada satylandygyny habar berdi. Kompaniýa bu oýnuň franşizanyň iň çalt satylan oýny bolmagynda galýandygyny hem ýatlatdy. Şeýle-de Capcom beýleki Resident Evil oýunlarynyň hem satuwlary baradaky maglumatlary täzeledi. Resident Evil 7-niň satuwy 15 million nusgadan geçdi – bu san Resident Evil 2-niň täzeden işlenen görnüşine hem degişli. Resident Evil Village 11 million nusgada satyldy, Resident Evil 3-üň täzeden işlenen görnüşiniň satuwy bolsa 10 million nusga ýetdi. Resident Evil 4 prezidentiň gyzy Eşlini tapmak üçin Ispaniýanadaky bir oba barýan Leon Kennediniň başdan geçirmelerini gürrüň berýär. Leon bu ýolda gorkunç duşmanlar bilen ýüzbe-ýüz bolýar we bolup geçýän wakalar obanyň çäginden çykýar.