25-nji aprelde geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda wise-premýer N.Atagulyýew Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç şäherinde döwrebap bazary gurmak boýunça alnyp barylýan degişli işler barada hasabat berdi. Bu barada “Watan” habarlar gepleşiginde aýdyldy. Bellenilişi ýaly, bazaryň çäginde döwrebap dükanlar, ammar jaýlary, 700 orunlyk gök-bakja ýerlenilýän hem-de 700 orunlyk halkyň sarp edýän senagat harytlary ýerlenilýän bazary, 150 orunlyk awtoulag satylýan meýdança, şeýle hem 200 orunlyk awtoduralga göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanynyň garamagyna degişli teklibi hödürledi. Prezident Serdar Berdimuhamedow Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç şäherinde döwrebap bazary gurmak bilen bagly taýýarlanan teklibi makullap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.