25-nji aprelde geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda wise-premýer B.Seýidowa şu ýylyň maý aýynda geçiriljek esasy çäreleriň tertibi barada Türkmenistanyň Prezidentine hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, maý aýynyň dowamynda 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi, hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllygy, Ýeňiş baýramy, Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni, Aşgabat şäheriniň güni, Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli maslahatlary, döredijilik duşuşyklaryny, bäsleşikleri, sergileri, aýdym-sazly dabaralary geçirmek göz öňünde tutulýar. Ozal yglan edilen döredijilik bäsleşikleriniň jemleri jemleniler. Şunuň bilen bir hatarda, geljek aýda Liwiýa Döwletiniň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň, paýtagtymyzda «Parahatçylyk sazy» atly halkara festiwalynyň geçirilmegi hem-de Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde fransuz, italýan we türkmen sungat ussatlarynyň bilelikdäki çykyşlarynyň guralmagy meýilleşdirilýär. Prezident Serdar Berdimuhamedow çärelere gowy taýýarlyk görmegiň hem-de ýokary derejede geçirmegiň zerurdygyny belläp, bu babatda wise-premýere birnäçe tabşyryklary berdi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 days ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir