Türkmenistanda 1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 80 ýyllygy mynasybetli dabaralary geçirmek meýilleşdiriýär. Bu ugurda görülýän taýýarlyk işleri barada wise-premýer B.Orazdurdyýewa Hökümet mejlisinde hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, nesilleriň parahat durmuşy, tutuş adamzadyň azatlygy ugrunda janlaryny gurban eden merdana gerçeklerimiz hatyralanylýar, Beýik Ýeňşi gazanmaga ägirt uly goşant goşan zähmetkeş watandaşlarymyz uly hormat bilen ýatlanylýar. Bu şanly sene mynasybetli gazaply uruş döwrüniň gahrymançylykly sahypalaryny şöhlelendirýän söhbetdeşlikler, aýdym-sazly duşuşyklar, sergiler, “Halk hakydasy” ýadygärlikler toplumyna hem-de ýurdumyzyň welaýatlarynyň söweşjeň şöhratyň mukaddes ýerlerine öwrülen ýadygärliklerine, şeýle hem edermen esger, ilhalar ynsan Berdimuhamet Annaýewiň heýkeline gül goýmak çäreleri, uruş we zähmet weteranlara baýramçylyk sowgatlarynyň gowşurylyş dabaralary geçiriler. Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow wise-premýere uruş weteranlaryna, uruş ýyllarynda ýurdumyzda zähmet çeken enelerimize 1941–1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 80 ýyllygy mynasybetli gymmat bahaly ýadygärlik sowgatlaryň gowşurylmagyny, Ýeňiş güni bilen bagly çäreleriň hem ýokary derejede geçirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.