Ýüklenen ilkinji wideonyň 20 ýyllygy mynasybetli, YouTube platformasy özüne degişli pleýeriň web-wersiýasynyň interfeýsini täzelemäge karar beripdir. Käbir ulanyjylar üýtgedilen dizaýny synag tertibinde eýýämden synap gördüler. Teswirlerden çen tutsaň, ulanyjylar bu täzeliklerden o diýen hoşal däl diýip, «Android Authority» ýazýar. Üýtgeşmeleri görkezýän skrinşotlar eýýämden Reddit-de peýda bolup başlady. Täze pleýerde ähli ekran düwmeleri aýratyn «adajyklara» ýerleşdirilipdir, öňki klassyky pleýerdäki ýaly umumy dolandyryş paneli ýok. Şeýle-de ses sazlaýyş ikonasy ekranyň sag tarapyna geçirilipdir. Teswirlere görä, ulanyjylar bu ikonany iň gowy ýagdaýynda hem «eýmendiriji» diýip atlandyrýarlar. Ähtimal, ses sazlaýjysynyň slaýderi hem öňküsi ýaly däl. Käbir ulanyjylar täze pleýeriň «arassa» we «tertipli» görnüşini halan bolsalar-da, köpüsi bu täzelikden kanagatlanmady. Google kompaniýasy bu täzelenme barada heniz resmi beýanat bermedi. Täze görnüşiň giňden ornaşdyrylyp-ornaşdyrylmajakdygy heniz belli däl.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 3 days ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir