Birleşen Arap Emirlikleri täze kanunlary ýazmakda, olara seretmekde we üýtgeşmeleri girizmekde emeli aňy ulanjak ilkinji ýurt bolar. Bu barada Financial Times gazeti habar berýär. Neşir BAE-niň milliardlarça dollar maýa goýan bu başlangyjyny “tehnologiýany peýdalanmak üçin düýpli synanyşyk” diýip atlandyrýar. Ýurduň premýer-ministri Muhammed ben Raşid Al Maktum emeli aňyň esasynda işleýän täze kanun çykaryjy ulgamyň kanun döretmek prosesini has çalt we takyk etjekdigini belleýär. Hökümet EA-nyň kanun işini 70% çaltlaşdyrmagyna garaşýar. Ulgam yzygiderli täzelenmeleri hödürläp, kanunlaryň ilata we ykdysadyýete ýetirýän täsirine gözegçilik eder. Munuň üçin federal we ýerli kanunlaryň, kazyýet çözgütleriniň we döwlet hyzmatlarynyň uly maglumatlar bazasyny döretmek meýilleşdirilýär. Kopengagen işewürlik mekdebiniň professory Roni Medalýa bu taslamany “örän batyrgaý” diýip atlandyrdy we BAE-niň emeli aňy kanun döretmekde işjeň gatnaşyja öwürmegi maksat edýändigini belledi. Şeýle-de bolsa, bilermenler bolup biljek töwekgelçilikler barada duýdurýar. Olaryň arasynda adaty ulanyjylaryň EA-nyň işine düşünmezligi, şeýle-de EA-nyň ýalňyş düşünip, kanunlary nädogry düşündirmegi bar. Oksford uniwersitetiniň ylmy gözlegçisi Winsent Ştraub EA modelleriniň ygtybarlylygy we durnuklylygy bilen bagly meseleleriň dowam edýändigini aýdýar. Ol BAE-niň EA-ny kömekçi gural hökmünde ulanmakdan onuň kömegi bilen geljekki kanuny üýtgeşmeleri çaklamak synanyşygyna geçýändigini belledi.