Mansory kompaniýasy «Audi RS Q8» kysymly ulagy düýpli täzeden işläp taýýarlady: onuň tehniki aýratynlyklary kämilleşdirildi, daşky görnüşi we interýeri bolsa düýpgöter üýtgedildi. Täze týuning toplumy karbon elementleri, gara radiator gözenegini, täzeden işlenip taýýarlanan bamperleri we agressiw howa akym elementlerini öz içine alýar. Bu barada «Carscoops» habar berýär. Daşky görnüşi sary-gara reňkli diskleri, giňeldilen teker arkalyklary, aerodinamik ýubkalary we birnäçe spoýleri bilen tapawutlanýar. Ulagyň arka tarapynda bolsa diffuzor we üç sany tüsse çykaryjy turba ornaşdyryldy, olar standart ulgamyň ýerine geçdi. Salony – tutuş sary: bu reňk ýagty deriden tikilen oturgyçlary, torpedony (öňdäki paneli), gapy panellerini, sütünleri we hatda halylary hem gurşap alýar. «Audi RS Q8-iň» tehniki aýratynlyklary babatda bolsa, onuň hereketlendirijisiniň kuwwaty 986 at güýjüne çenli ýokarlandyryldy, aýlanyş pursady (torky) bolsa 1250 Nm-e ýetýär. Bu kämilleşdirmeler täze turbokompressorlar, täzeden işlenip düzülen programma üpjünçiligi, sport howa süzgüji we beýleki birnäçe tehniki üýtgeşmeler arkaly gazanyldy.