Şu gün YouTube-da ilkinji wideonyň neşir edilenine doly 20 ýyl bolýar – 2005-nji ýylyň 23-nji aprelinde platformada «Me at the zoo» (Men haýwanat bagynda) atly 18 sekuntlyk wideo peýda bolupdy. Dünýäniň iň uly wideo platformasynyň başyny başlan ýazgy şol wideo bolupdy. Bu wideony YouTube-yň esaslandyryjylaryň biri bolan Jawad Karim San-Diegodaky (ABŞ) haýwanat bagynda surata düşüripdi. Wideoda Karim piller hakynda gürrüň berýär. «Bu haýwanlaryň iň täsin ýeri - olaryň holtumlarynyň örän uzyn bolmagy» — diýip, Karim wideoda aýdýar. Neşir edileninden bäri, bu wideo 355 milliondan gowrak gezek görüldi we YouTube-yň başlangyjynyň nyşanyna öwrüldi. Häzirki wagtda bolsa, platforma her minutda 500 sagatdan köp wideo ýüklenýär. Geçen 20 ýylyň dowamynda, Google-a degişli bolan wideoplatforma öýde düşürilen bloglardan başlap, göni ýaýlymlary, filmleri, klipleri hem-de emeli aň bilen döredilen dürli görnüşli mazmunlary özünde jemleýän dünýäniň iň uly hyzmatyna öwrüldi. Ýubileý mynasybetli, ilkinji wideoda tort şekilli slaýder nyşanjygy we Karimiň ýeke-täk wideoly YouTube kanalyna gönükdirýän piliň şekili peýda boldy. Şeýle-de bolsa, onuň 5 milliondan gowrak abunaçysy bar. Şu günki gün YouTube diňe bir wideo platformasy bolman, eýsem YouTube Music, YouTube Kids, YouTube TV we YouTube Premium ýaly hyzmatlary hem hödürleýär. Şeýle hem platforma 4K, 8K, HDR we VR ýaly ýokary hil aýratynlyklaryny hem goldaýar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 week ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir