Mercedes-Benz V-Class-y täzeläp, öz premium miniwenlerine täze atlary berýär. Şanhaýdaky awtosalonda Vision V modeli görkeziler. Bu VLS atly geljekki ýokary derejeli modeliň konseptidir. Şeýle-de, VLE wersiýasy görkezilmäge taýýarlanýar. Täze atlardaky harplar ulagyň klasyny görkezýär: “S” S-klasa, “E” bolsa E-klasa gabat gelýär. Vision V täze miniwenleriň nähili boljakdygyny görkezýär. Konsept giň salony, döwrebap tehnologiýalary we ýokary rahatlyk derejesini hödürleýär. Hytaýda şeýle miniwenler örän meşhur. Ol ýerde týuning-kompaniýalar V-Class-y täzeden üýtgedip, ony gymmat satýar. Mercedes indi týunerlere ýol bermezlik üçin, kämil wersiýalary özi çykarmak we bu girdejili işi ele almak isleýär. Kompaniýa hytaý brendleriniň işjeň hereket edýän premium miniwen bazaryndaky ornuny berkitmek isleýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 week ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir