Geçen hepde “Günäliler” (Грешники) horroryny çykaran režissýor Raýan Kugler indiki taslamasy barada gürrüň berdi. Ol nusgawy “Gizlin materiallar” (Секретные материалы) serialyny gaýtadan düşürmegi meýilleşdirýär diýip, Deadline habar berýär. Onuň sözlerine görä, bu pikir öň peýda boldy we indi ol täze bölümleri, hakykatdan, gorkunç etmek isleýär. Kugler bu taslama üçin asyl teleserialda baş keşpleri ýerine ýetiren Dewid Duhowny bilen Jillian Andersony çagyrmagy meýilleşdirýär. Ol eýýäm aktrisa bilen bu barada pikir alşandygyny aýdýar. Anderson ozal Skalliniň roluna gaýdyp gelmäge taýýardygyny aýtdy. Ol Kugeriň täze wersiýa çemeleşmesine ýokary baha berip, bölümlerde peýda bolup biljekdigini belledi. Häzirlikçe taslama barada jikme-jik maglumatlar ýok. Asyl serial dokuz möwsüm dowam edip, 1993-nji ýyldan 2002-nji ýyl aralygynda çykypdy. 2010-njy ýyllarda bolsa iki goşmaça möwsüme we iki doly metražly filme eýe boldy. Sýužet täsin we adatdan daşary hadysalary derňemek bilen meşgullanýan Federal derňew býurosynyň agentleri Dana Skalli bilen Foks Malderiň işleri barada gürrüň berýär.