ABŞ-nyň Söwda ministrligi 21-nji aprelde Kambojada, Wýetnamda, Malaýziýada we Tailandda öndürilen Gün panelleriniň importyna täze gümrük paçlarynyň girizilendigini mälim etdi. Bu barada «Bloomberg» agentligi habar berýär. Bu karar öňki Prezident Jo Baýdeniň başlangyjy bilen başlanan söwda derňewiniň netijesinde kabul edildi. Koreýaly «Hanwha Qcells» we amerikaly «First Solar Inc.» kompaniýalary hytaýly bäsdeşleriniň döwlet tarapyndan kömek alýandygyny we ABŞ bazarynda nyrhlary bilkastlaýyn peseldip, bäsdeşlige garşy hereket edýändiklerini aýdyp şikaýat edipdiler diýip, «Reuters» agentligi belleýär. Täze gümrük paçlarynyň möçberi ýurda we kompaniýa görä üýtgeýär. Iň ýokary – 3521% – möçberindäki gümrük pajy Kambojadan getirilýän harytlara girizildi, sebäbi bu ýurt derňewe gatnaşmakdan boýun gaçyrypdy. Wýetnamdan getirilýän harytlara 395,9%, Tailanddan getirilýän harytlara 375,2%, Malaýziýadan getirilýän harytlara bolsa 34,4% gümrük paçlary girizildi. Hytaýyň «Jinko Solar» kompaniýasy üçin, Wýetnamdan eksport edýän harytlaryna 245%, Malaýziýadan iberýän harytlaryna bolsa 40% gümrük pajy salyndy. «Trina Solar» kompaniýasynyň Tailanddan eksport edýän harytlaryna 375%, Wýetnamdan eksport edýänlerine bolsa, takmynan, 200% gümrük pajy girizildi. «JA Solar» kompaniýasynyň Wýetnamdan getirýän panellerine bolsa, takmynan, 120% gümrük pajy bellenildi. «Bloomberg» agentliginiň maglumatlaryna görä, ABŞ-nyň şeýle karar kabul etmegine garaşylýardy, şol sebäpdenem hytaý kompaniýalarynyň paýnamalarynyň bahasy 22-nji aprelde diňe birneme peseldi. Käbir kompaniýalar önümçiliklerini eýýämden Indoneziýa we Laos ýaly gümrük paçlary girizilmedik ýurtlara göçürdiler. 2024-nji ýylda ABŞ ýokarda agzalan dört ýurtdan 12,9 milliard dollarlyk Gün panellerini import etdi, bu bolsa ýurduň jemi importynyň 77%-ine deňdir. Täze çäreler Donald Trampyň administrasiýasy tarapyndan ozal girizilen nyrhlary dowam etdirýär.