Tesla kompaniýasy bu golaýda bahasy 20 müň dollarlyk Optimus gumanoid robotlaryny köpçülikleýin öndürip bilmez. Robototehnika pudagynyň hytaýly bilermenleri şeýle pikir edýärler diýip, South China Morning Post habar berýär. Baryp 2024-nji ýylyň ortalarynda Ilon Mask Optimus-yň her ýylky önümçiliginiň wagtyň geçmegi bilen bir million birlikden geçjekdigini aýdypdy. Şeýle hem milliarder Teslanyň 2026-njy ýyla çenli robotlary köpçülikleýin öndürip başlamagyny göz öňünde tutýardy. Emma ol şonda, hünärmenleriň pikirine görä, ABŞ bilen Hytaýyň arasyndaky söwda dartgynlylygynyň ýüze çykaryp biljek netijelerini göz öňünde tutmandy. Bellenilişi ýaly, bu gumanoid robotlaryň esasy bölekleri – herekete getirijileri, çipleri, bogunlary we daşarky bölekleri - esasan köpçülikleýin önümçiligi öňden ýola goýlan Hytaýdan getirilýär. Seljerijileriň biriniň sözlerine görä, hytaý kompaniýalary Optimus-yň ähli bölekleriniň üçden iki bölegini öndürýär. Bu Tesla-a robotyň özüne düşýän gymmatynyň pes boljagyna bil baglamaga we öz robotlary üçin elýeterli bahalary wada bermäge mümkinçilik beripdi.