Prinston uniwersitetiniň astronomlary Kepler-139 ulgamynda täze ekzoplanetanyň tapylandygyny habar berdiler. Onuň göni özüni däl-de, goňşy jisimlere ýetirýän dartyş güýjüniň täsiri arkaly tapmak başartdy. Kepler-139f atly täze ekzoplaneta Gün ulgamyndan 1289 ýagtylyk ýyly uzaklykda ýerleşýän ykjam ulgamda belli bäşinji planeta boldy. Ondan öň dört obýekt mälimdi - Kepler-139b, c, d we e. Ilkinji üçüsi “Kepler” kosmos teleskopy arkaly tranzit usul bilen tapyldy. Teleskop planetalar onuň öňünden geçende ýyldyzyň ýagtylygynyň gysga wagtlyk peselýändigini ýazga geçirdi. Dördünjisi, Kepler-139e tranzitleriň - orbitalardaky beýleki jisimleriň dartyş güýjüniň täsiri bilen ýüze çykýan üýtgemeleriň wagtynyň özgerişini öwrenmek usuly bilen tapyldy. Indi Rowan Lammersiň ýolbaşçylygyndaky topar ýene bir planetany - Kepler-139f-i tapdy. Ol ýyldyzyň diskini kesip geçmeýär, munuň sebäbi orbitanyň sähelçe kese ýerleşýändigi sebäpli bolsa gerek. Muňa garamazdan, planeta goňşularynyň hereketine täsir edýär, bu bolsa ony tapmaga mümkinçilik berdi. Kornell uniwersitetiniň deslapky çap serwerinde neşir edilen barlag şeýle ulgamlarda ýyldyzdan uzakda ýerleşen planetalaryň ýagdaýlaryň, takmynan, 35%-de ýüze çykarylýandygyny görkezdi. Bu ýa-ha şeýle planetalaryň emele gelmeýändigini, ýa-da olaryň orbitalarynyň planetany tranzit usul bilen görmäge mümkinçilik bermeýändigini aňladyp biler. Şöhle tizlikleri usuly arkaly açmaga synanyşyk kesgitli bir tassyklanmany bermedi. TESS teleskopy we ýerüsti obserwatoriýalar arkaly alnyp baryljak indiki barlaglar şeýle "görünmeýän" dünýäleriň köpüsini açmaga kömek edip biler.