Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň çäginde atlaryň uzak aralyga ýöriş — marafon bäsleşigi guraldy. “Türkmenistan” gazetinde habar berlişi ýaly, bäsleşik iki tapgyrda geçirildi. Ýaryşa goşulan bedewlere bir tarapy 15 kilometre deň bolan menzile baryp-gelenlerinden soň hem-de 30 kilometrlik menzili geçenlerinden soňra dynç berildi. Bu ýerde bedewler ýörite hünärmenleriň, weterinar lukmanlaryň gözegçiliginden geçirildi. Şeýlelikde, ýörişiň dowamynda hiç hili şikes almadyk, bellenilen wagtda özüni dürsän we ýürek urşy kadaly ýagdaýa gelen bedewler ikinji tapgyra gatnaşmaga hukuk gazandylar. Iki tapgyrda jemi 60 kilometrlik menzil bäsleşige gatnaşdyrylan 15 bedewiň içinden iň ýyndamy we çydamlysy saýlandy. Marafona deslapky tapgyrlarda gowy netije görkezen Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna degişli 5, Halkara ahalteke atçylyk sport toplumyndan 5 we Milli atly sport merkezinden hem 5 bedew gatnaşdyryldy. Ýaryşyň düzgünine görä, onuň dowamynda çapyksuwar türgene gamçy ulanmak bolmaýar. Şonuň ýaly-da bellenilen wagtda özüni doly dürsän atlar we olaryň çapyksuwarlary bäsleşigiň 2-nji tapgyryna gatnaşyp bilýärler. Şeýle-de atlar ýörişiň bellenilen ugruny talabalaýyk geçmeli. Bäsleşigiň ýeňijisi eminler toparynyň atlaryň bellenilen menzili gysga wagtda geçip bilmek ukybyna, çydamlylyk derejesine, şeýle hem çapyksuwarlaryň atlara ussatlyk bilen erk edip bilşine beren bahalary esasynda kesgitlenilýär. Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli geçirilen atlaryň uzak aralyga ýöriş — marafon bäsleşiginiň jemi boýunça Milli atly sport merkezine degişli, 10-njy belgide ýaryşa goşulan Polat diýen gara reňkli at tapawutlanmagy başardy. Öz döwründe ýyndam Pegasus hem-de Nowruz diýen atlaryň nesli bolan Polady bu bäsleşige gatnaşdyrmak üçin Türkmenistanyň at gazanan atşynasy Bäşim Ballyýew seýisledi. Oňa türgen Seýidymam Seýidow erk etdi. Ýeňijilere baýraklar Türkmen bedewiniň milli baýramynyň bellenilýän günlerinde gowşurylar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 week ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir