Adata kompaniýasy dünýäde ilkinji bolup SD Express 8.0 standartlaryna laýyk gelýän ýat kartasyny tanyşdyrdy. Kompaniýanyň maglumatlaryna görä, täze kartanyň okaýyş tizligi sekuntda 1,6 gigabaýt, ýazyş tizligi bolsa sekuntda 1,2 gigabaýda ýetýär. Bular örän ýokary görkezijiler. Bu ýat kartasy häzirki wagtda ulanylýan UHS-1 kartalardan 12 esse, UHS-II-den bolsa 4 esse çalt. Hatda, käbir arzan SSD-lere garanyňda-da tizligi ýokary. Kartanyň tehniki häsiýetleri nähili täsirli bolsa-da, onuň U3 we V30 karta reýtingleri sekuntda bary-ýogy 30 megabaýt dowamly ýazgyny kepillendirýär. Şonuň üçin hem bu kartanyň dürli şertlerde nähili işleýändigine bazara çykandan soň geçiriljek testler arkaly has takyk baha berler. Premier Extreme SD 8.0 Express atly ýat kartasy häzirki wagtda diňe 512 GB göwrüminde hödürlenýär. Emma, ähtimal, geljekde beýleki görnüşlerem çykarylar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 week ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir