Ýigit bilen gyz söýgi nikasyndan geçseler, hemişe bagtyýar bolarlar.Ýigit bilen gyz akyl-paýhas nikasyndan geçseler, mäkäm maşgala bolarlar!Ýigit bilen gyz bir-birine mynasyp bolmasa, beýle maşgala bagtsyz maşgala bolar. Maşgalany gaty berk, jebis, agzybir, bagtly maşgala edýän - perzentdir. Öýde çaga-çuga örňäberse, ýigit bilen gyzyň söýgüsi ene-ata söýgüsine öwrüler, ol söýgi bolsa söýgüleriň belendidir, çünki, ene bilen ata öz durmuşyny, bagtyny, dünýe baryny perzendine bagyş edip bilýär, şondan bagt alýar. Ýaşlara pendi-nesihatym, söýüň, söýşüň, emma birek-birege mynasyp boluň! At bilen öküzi bir araba goşup bolar, emma ol arabadan araba bolmaz, ol arabanyň aljak ýoly bolmaz. Ýigitler! Siz Günsüňiz, siz ýylgyryp öz maşgalaňyzyň göwnüni awlasaňyz, gelniňiz Aý bolup dünýäňizi nurdan doldurar!!!..

Köneler, bozkurt288 tarapyndan 12 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir