Ýaponiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasy ýapon dilini biliş derejesini anyklamak boýunça 2025-nji ýylyň ilkinji synagynyň (Japanese-Language Proficiency Test, JLPT) geçirilýändigi barada habar berdi. Synagy tabşyrmak isleýänler synag boýunça maslahatlary we arzanyň formasyny almak üçin Ýaponiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasyna (“Paýtagt” SM, 9-njy gat) ýüz tutmaly. Arzalar 10-njy aprelden kabul edilip başlanar (sagat 09:30-dan 12:45-e çenli, 14:00-dan 17:00-e çenli). Ýapon dilini biliş derejesini anyklamak boýunça synag Aşgabat şäherinde 2025-nji ýylyň 6-njy iýulynda geçiriler. Ýapon dilini biliş derejesini anyklamak boýunça synag (Japanese-Language Proficiency Test, JLPT) - bu ýapon dili ene dili bolmadyk şahslar üçin ýapon dili biliminiň derejesini kesgitlemek boýunça halkara synagydyr. Synaga gatnaşmak üçin ýaş we beýleki çäklendirmeler ýok, ýeke-täk şert – ýapon dili synaga gatnaşýanyň ene dili bolmaly däl. Synagy üstünlikli tabşyran ýagdaýynda gatnaşyja dil biliminiň islendik derejesini resmi ýagdaýda tassyklaýan şahadatnama berilýär. Synag N5-den (iň pes) N1-e (iň ýokary) çenli bäş derejä bölünýär. Arzany tabşyrmak isleýän gatnaşyjy öz bilimine laýyklykda synagy tabşyrmak üçin derejesini özbaşdak kesgitlemeli. Synag kagyz göterijilerde ýazmaça test görnüşinde geçirilýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 10 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir