Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty 2025-nji ýylyň aprel aýynyň 10-11-ine talypklaryň arasynda “Iňlis dili” dersi boýunça IV halkara internet olimpiadasyny geçirýär. Olimpiada Türkmenistanyň hem-de daşary ýurtlaryň dil we beýleki ugurly ýokary okuw mekdepleriniň talyplary gatnaşyp biler. Olimpiada talyplaryň nazary we amaly bilimlerini berkitmek hem-de kämilleşdirmek, olarda iňlis dilini öwrenmäge bolan höwesi artdyrmak we daşary ýurt dillerine zehinli ýaşlary ýüze çykarmak maksady bilen geçirilýär. Olimpiada gatnaşmaga isleg bildirýän talyplar 2025-nji ýylyň mart aýynyň 31-ine çenli datmddi.edu.tm resmi internet sahypasynda hasaba alynmaly. 1-2-nji aprelde olimpiadanyň saýlama tapgyry geçiriler. 10-njy aprelde institutyň uly mejlisler zalynda olimpiadanyň açylyş dabarasy geçiriler. Oňa türkmenistanly gatnaşyjylar gelip, daşary ýurtly gatnaşyjylar onlaýn görnüşde gatnaşarlar. 10-11-nji aprelde olimpiada Düzgünnamada bellenen tertipde geçiriler. Olimpiadanyň ýeňijileri Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň Diplomy bilen sylaglanar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 10 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir