Ilon Mask fotorealistik grafikaly oýunlary işläp düzmek üçin emeli aňdan peýdalanjak xAI Gaming studiýasynyň işe girizilýändigini mälim etdi diýip, Tom’s Hardware habar berýär. “Biz xAI-de oýun EA studiýasyny işe girizýäris. Eger siz EA oýunlaryny döretmekde hyzmatdaşlyga gyzyklanma bildirýän bolsaňyz, baş üstüne, xAI-e goşulyň” – diýip, Mask Grok-3 modelini işe girizmäge bagyşlanan göni ýaýlymda aýtdy. Ol häzirlikçe başga maglumat bermedi. Grok-3 modeli eýýäm Python programmirleme dilinde Tetris we Bubble Trouble-yň esasy wersiýasy bilen meňzeş ýönekeý 2D oýunlaryny döretmek başarnygyny görkezdi. Ýöne model çylşyrymly ses effektlerini bermekde kynçylyk çekýär. Mask Grok-3-üň oýunlarda grafika durulygyny ýokarlandyryp biljekdigini belledi, ýöne onuň beýleki studiýalar tarapyndan döredilen taslamalar üçin ulanyljakdygy ýa-da ýokdugy belli däl. Milliarderiň aýtmagyna görä, xAI öz öňünde doly derejeli oýun taslamalaryny işläp taýýarlamak ýaly has uly maksatlary goýýar. Şeýle-de, Ilon Mask Colossus superkompýuterini million GPU çenli giňeltmegi meýilleşdirýär, bu bolsa täze, has ösen EA modellerini işläp taýýarlamagy çaltlaşdyryp biler.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 11 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir