10-njy ýanwarda Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň wekilleri Belgiýa Patyşalygynyň Futbol Assosiasiýasynyň we Germaniýanyň Futbol Bileleşiginiň wekilleri bilen onlaýn-duşuşyklary geçirdiler. Bu barada federasiýanyň saýtynda habar berilýär. Belgiýa Patyşalygynyň Futbol Assosiasiýasynyň wekilleri bilen geçirilen duşuşygyň esasy ugry BPFA-nyň baý tejribesini ulanyp, ýurdumyzda tälimçilik bilimini artdyrmaga hem-de çagalar-ýetginjekler futboluny ösdürmäge bagyşlanyldy. Taraplar TFF-niň wekiliýetiniň Belgiýa futbolynyň işleriniň gurluşyny hem-de ýaş zehinleri ýetişdirmegiň metodikasyny öwrenmek maksady bilen BPFA sapar guramagy meýilleşdirdiler. Germaniýanyň Futbol Bileleşigi bilen duşuşygyň dowamynda hem TFF bilen GFB-niň arasynda Türkmenistanda çagalar-ýetginjekler futbolyny hem-de tälimçilik bilimini ösdürmekde Germaniýanyň tejribesini durmuşa geçirmekde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ýola goýmak bilen bagly meseleler maslahatlaşyldy. Taraplar ikitaraplaýyn maslahaty dowam etdirmek barada ylalaşdylar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 11 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir