2024-nji ýylda Amazonkanyň basseýninde 140 müň 328 sany ýangyn hasaba alyndy. Bu 2023-nji ýyldaky bilen deňeşdirilende 42% köpdür (2023-nji ýylda ýangyn sany 98 müň 634) diýip, Braziliýanyň Milli kosmos barlaglary institutynyň (INPE) maglumatlaryna salgylanýan Phys.org habar berýär. Ýangynyň gerimi soňky 17 ýylyň içinde örän uly bolup, 2007-nji ýyldaky 186 463 sany ýangyndan soň ikinji orunda durýar. Hünärmenler bu ýagdaýy El-Ninýo hadysasy we howanyň üýtgemegi sebäpli dowam edýän guraklyk bilen baglanyşdyrýarlar. Şeýle-de bolsa, ýangynyň esasy sebäbi adamyň işjeňligi, ýagny oba hojalygyna degişli ýerleri arassalamak maksady bilen tokaýlaryň ýakylmagy hasaplanýar. Ýangyn bilen bagly ýagdaýyň ýaramazlaşýandygyna garamazdan, 2024-nji ýylda tokaýlaryň çapylmagy, geçen ýyl bilen deňeşdirilende, 30%-den gowrak azaldy. Bu prezident Luis Inasiu Lula da Silwanyň ýolbaşçylygynda Amazoniýany gorap saklamagy ileri tutýan Braziliýanyň hökümetiniň tagallalarynyň netijesidir. Şeýle-de bolsa, ýangynyň netijelerini Braziliýa, Rio-de-Žaneýro we San-Paulu ýaly iri şäherleriň ýaşaýjylary eýýäm duýup başladylar. Tokaý ýangynlaryndan gelýän goýy tüsse ilatly ýerleri örtdi, howanyň hilini ep-esli ýaramazlaşdy. Alymlar tokaýlaryň çapylmagynyň we ýangynlaryň sanynyň köpelmeginiň howanyň kollapsyna sebäp bolup biljekdigini duýdurýarlar. Sebitde ählumumy maýlamagy çaltlaşdyrjak kömürturşy gazyny siňdirmek ukybyny ýitirmek howpy bar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 10 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir