Adam - Allatagalanyň Wagty syzmak üçin ýasan guralydyr. Beýnisinde akyl bolany üçin, adamyň süňňi-de özge janly-jandarlaryňkydan tapawutlydyr, ýagny Wagty syzmaga ukyplydyr. Biziň ýigriminji asyr diýilýän döwrümize Wagty hasratly duýmak mahsus boldy. Şeýle aýratynlyk ahyrsoňunda şol wagtyň özüni syndyryp Täze döwri - Garaşsyzlyk döwrüni amal etmegimiň içki ruhy esasy boldy. Adam ýaradylyşy boýunça Wagt bilen göreşmäge mejbur edilendir. Bu mejburylyk-da, megerem, onuň bagtydyr. Adamyň ygtyýarynda Wagt bilen göreşmegiň ýeke-täk guraly bar, ol-da hakydadyr. Aý, ýyl tiz geçýär diýýäris, ýok, aý, ýyl haýal geçýär, ömür çalt geçýär. Häzirki zaman dünýäsinde wagt örän tiz geçýär, munuň özi geçmişiň we geljegiň bakylygynyň arasyndaky pursatdyr, ýöne ol pursat ýerlikli we paýhasly ulanylan wagtynda, ykbal çözüji, hökmürowan pursatdyr. Bu pursat milletiň ýadyny kemala getirýär we onuň geljegini kepillendirýär. Türkmenleriň öňünde üçünji müňýyllygyň başynda haýal etmezden çözülmegini talap edýän bimäçe meseleler ünsi çekýär. Olar halkymyzyň ýaşaýşynyň dürli ugurlaryna: syýasata, ykdysadyýete, ylma, medeniýete, saglygy goraýyşa, ýaşaýyşa-durmuşa degişli meselelerdir. Wagtdan alanyň özüňkidir. Wagt bir gürzüdir, sen ony döwmeseň, ol seni döwer. Işjeň, işeňňir, işjanly bol! Ýaltalyk - ömrüňi meýletin puja çykarmakdyr, özüňi ýele bermekdir. Işiň höziri nagtdyr, ýaltalygyň höziri nesýedir. Bikärligiň süýjüligi soňy ajy gutarýan gökje hyýaryňky ýalydyr. Özüňe haýpyň gelsin, işle! Bikärlik, nadanlyk we ýaltalyk hiç bir duşmanyň edip bilmejek zyýanyny eder. Wagt - ýabany ýyrtyjydyr, ony eldekileşdirseň, hyzmatyňda bolar. Wagta boýun bolma, ony boýun et! Ömri iň soňunda puşman, ökünç, ahmyr, arman bilen taMarulamaz ýaly ýaşa! Ýaşamak wagty geçirmek däl-de, wagtyň içinden geçip, bakylyga ýetmekdir!

Köneler, bozkurt288 tarapyndan 13 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir