Işewürleriň baýlygyny yzarlaýjy topar Informa Connect Academy-nyň hasabatyna görä, Ilon Mask 2027-nji ýyla çenli dünýäde ilkinji dollar trillioneri bolup biler. Çaklama Maskyň baýlygynyň ýylda ortaça 110% artmagyna esaslanýar diýip, The Guardian ýazýar. Bloomberg-iň milliarderler indeksine görä, häzirki wagtda Mask 251 mlrd dollar baýlygy bilen dünýäde iň baý adam hasaplanylýar. Ol Tesla, SpaceX we X kompaniýalaryna ýolbaşçylyk edýär. Hasabat Adani Group konglomeratyny esaslandyryjy Gautam Adaniniň hem 2028-nji ýyla çenli trillioner bolup biljekdigini çaklaýar. Nvidia-nyň baş müdiri Jensen Huangyň we indoneziýaly magnat Prajogo Pangestunyň hem şol ýyla çenli bu görkezijä ýetmek mümkinçiligi bar. 2030-njy ýylda trillionerleriň toparyna Louis Vuitton Moet Hennessy-nyň esaslandyryjysy Bernar Arno we Meta-nyň baş müdiri Mark Sukerberg hem goşulyp biler. Belläp geçsek, dünýäde ilkinji milliarder Jon D.Rokfeller boldy. Onuň baýlygy bu görkezijä 1916-njy ýylda ýetdi. Ol Standard Oil korporasiýasynyň esaslandyryjysy we uly paýdarydy. Şondan bäri kimiň ilkinji trillioner boljakdygy uly gyzyklanma döredýär diýip, CNBC belleýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 10 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir