2024-nji ýylyň ýazynyň ahyrynda BMW Ýewropa üçin öndürýän ulaglarynyň setirini täzelemek bilen, dört modeline täze dizel we gibrid görnüşlerini goşdy diýip, IXBT ýazýar. 5-Series sedany kuwwaty 303 at güýjüne barabar bolan 3,0 litrlik dizel hereketlendirijisi bilen enjamlaşdyrylan iň ýokary derejeli 540d xDrive modifikasiýasyny aldy. 2-Series Active Tourer ykjam mikroawtobusy we X1 / X2 krossowerleri 2,0 litrlik 163 at güýji dizel hereketlendirijili sDrive20d-iň öň tigri hereketli wersiýalaryna eýe boldy. Dizel görnüşlerinden başga-da, BMW 299 at güýji bolan, zarýad berilýän 530e xDrive gibridlerini hem hödürledi. Dizel we gibrid diapazonynyň giňelmegi “Ýewro-7” daşky gurşaw ülňüleriniň talaplarynyň gowşadylmagy netijesinde mümkin boldy. Bu BMW-ä doly elektrikleşmä geçmekde howlukmazlyga mümkinçilik berdi we alyjylara doly elektrikli görnüşleri peýda bolýança, dizelli görnüşi hem öz içine almak bilen, hereketlendirijileriň köp sanly görnüşlerini hödürledi. Şeýlelikde, Bawariýanyň markasy müşderileriň, mümkin boldugyça, iň uly toparlaryny özüne çekmäge umyt baglaýar.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir